Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiň talyplaryň "PARAHATÇYLYK ÝÖRELGELERINI DABARALANDYRAN HASABAT KONSERTI"

Türkmen halkynyň kalbynda hemişe parahatçylyk,
ynsanperwerlik we ynanyşmak duýgulary ýokary tutulyp gelinýär. 2025-nji ýylyň
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bu mukaddes
düşünjelere döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň
subutnamasydyr. Şu belent şygaryň şuglasy esasynda Ahal welaýat ýörite sungat
mekdebiniň hasabat konserti ýokary ruhubelentlikde geçirildi.



  Ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we
talyplary tarapyndan taýýarlanan bu konsert çäresi döredijilige bagyşlanan
ýylyň ajaýyp pursatlarynyň biri hökmünde tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Konsertde
çykyş eden talyplar diňe bir ýerine ýetirijilik ussatlygyny däl, eýsem, Watana,
halka, parahatçylyga bolan söýgülerini hem beýan etdiler. Saz eserleriniň
köpüsiniň halk saz gurallarynda ýerine ýetirilmegi, türkmen halkynyň baý medeni
mirasyna, milli saz sungatyna goýulýan hormaty alamatlandyrdy.



Mekdebiň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Merdan
Annanmyradowyň sazyna, Syllapberdi Muhamowyň sözlerine döredilen “Arkadag” atly
joşgunly eser bilen başlan  konsert
has-da, dabaralandy. Şeýle-de çykyşlaryň arasynda meşhur kompozitor Nury
Halmämmedowyň “Bilmedim”, “Aýgytly ädim” ýaly öçmejek saz mirasyna öwrülen
eserleriniň seslenmegi kalplarda çuňňur täsir galdyrdy. Ýaş ýerine ýetirijiler
tarapyndan ýaňlanan  çykyşlar
diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Bu eserler mazmuny bilen
ýurdumyza, halkymyza bolan buýsanjy, parahatçylyga, ösüşe bolan ynamy
şöhlelendirdi.



Sahnada diňe bir saz däl, eýsem, horeografiýa we hor
toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary hem ýokary derejede taýýarlanylyp, häzirki
zaman bilen sazlaşýan milli öwüşginleri özünde jemledi. Kompozitorlaryň
döredijiligine bolan çemeleşme, ýerine ýetirijilik ussatlygy hem-de sahnanyň
dramaturgik gurluşy örän çuň many-mazmuna eýe boldy.



Aýratyn bellärlikli taraplaryň biri bolsa ýaş zehinleriň
döredijilik ýolunda gazanan üstünlikleriniň beýany boldy. Bu çäre diňe bir
hasabat konserti bolman, eýsem, ýaşlaryň sungat bilen ýakyndan içgin
meşgullanýandyklarynyň, olaryň döredijilik bilen Watana hyzmat etmäge
taýýardyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.



Konsertde diňe bir milli sazlar däl, eýsem dünýä
klassyklarynyň eserleri hem çeper ýerine ýetirilişi bilen belent baha mynasyp
boldy. Bu bolsa ýaşlaryň halkara medeni giňişliginde hem öz zehinlerini
görkezmäge taýýardyklarynyň subutnamasydyr. Bu ajaýyp dabarada ýörite sungat
mekdebimizde sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan ýaş zehinler, özleriniň
çykyşlary bilen halk döredijiliginiň häzirki zaman sahnasyndaky ajaýyp
görnüşlerini görkezdi.



Konsertde mekdebiň hor, tans toparlarynyň, “Üflenip we
kakylyp çalynýan saz gurallary, halk saz gurallary orkestrleriniň, dutarçylar,
bagşylar, kirişli saz gurallary ansambllarynyň we ýekelikde ýerine ýetirilen: “Ýagma
bulut”, “Çal dutarym”,  rus halk tansy
“Kamarinskaýa”, “Çardaş”, “Türkmen heňleri”, “Keýmir kör” operasyndan sahna, “Asmanyň
astyndaky Pariž”, “Tokkata” ýaly birnäçe täsirli eserler ýaňlandy. Şeýle-de,
konsertiň çäginde mekdebiň “Nakgaşçylyk” bölüminiň talyplarynyň taýýarlan
döredijilikli işleriniň sergisi hem gurnaldy. Nakgaşçylyk sungatynyň dürli
tehnikalary bilen taýýarlanan tebigat gözelligine, durmuş wakalaryna,
parahatçylyk temasyna bagyşlanan eserler tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.



Parahatçylyk, ynanyşmak, dostluk ýaly beýik
ynsanperwerlik düşünjeleri halkymyzyň ruhy mirasynda, döredijilik äleminiň
çuňňur gatlagynda öz beýanyny tapýar. Sungat bolsa bu ýörelgeleri ýürekden
ýürege ýetirmegiň iň täsirli serişdesi bolup çykyş edýär. Zehinli ýaşlaryň
ukyp-başarnyklaryny açmakda, halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda sungatyň orny
uludyr.



Geçirilen hasabat konserti diňe bir sungatyň baýramy däl,
eýsem, ýaş nesliň döredijilik mümkinçilikleriniň ösdürilmegine berilýän ünsüň
we parahatçylyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgeleriniň sungat arkaly halk
köpçüligine ýetirilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.



 



 



Makalany taýýarlan:      Maýsa GOÇGELDIÝEWA



“Sazyň taryhy we nazaryýeti”  bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri Büzmeýin etraby Arkadag köçesi jaý 1

Telefon belgiler:
(+993 12) 33-52-41