ÝAŞ ŞÄGIRTLERIŇ KÄMILLIGE UZAÝAN ÝOLUNYŇ ÖWÜŞGÜNLI PURSATLARY
Türkmen halkynyň öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halypa-şägirtlik
ýoly biziň şu günimizde hem dowam etdirilýär. Saz ynsanyň kalbynyň iň çuňňur duýgularynyň
inçe beýanydyr. Sungatyň güýji halklary, medeniýetleri we nesilleri
birleşdirýän köpri bolup, parahatçylyk söýüjiligiň we agzybirligiň alamatydyr. Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlar bilen bir
hatarda medeniýet we sungat ulgamynda hem günsaýyn ösüşlerden öňe barýar.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebimiziň
taýýarlamagynda ajaýyp konsert geçirildi. Şeýle medeni-köpçülik çäräleriň
gurnalmagy biz ýaşlaryň söýüp saýlan ugrymyzda alan bilimimizi ukyp
başarnygymyzy açyp görkezmäge uly mümkinçilikleriň biridir. Konsertde mekdebimiziň
hor topary, halk saz gurallar orkestri, kirişli saz gurallar hem-de bagşylar
ansamblynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren eserlerinden Baýramdurdy
Hudaýnazarowyň sazyna “Goý aýdylsyn Bitaraplyk aýdymy”, türkmen halk aýdymy
“Hal iki ýandan”, Nury Halmämmedowyň “Haýrana galar”, “Mukamyň syry”
kinofiliminden “Karkaranyň aýdymy” rus
halk tansy “Kamarinskaýa”, “Uwertýura” we başgada birnäçe eserler diňleýjiler
köpçüliginiň mähirli söýgüsine mynasyp boldy.
Ýörite sungat
mekdebiniň mugallymlary we talyplary tarapyndan taýýarlanan bu konsert çäresi
döredijilige bagyşlanan ajaýyp pursatlarynyň biri hökmünde tomaşaçylara ruhy lezzet
paýlady. Konsertde çykyş eden talyplar diňe bir ýerine ýetirijilik
ussatlygyny däl, eýsem, Watana, halka, parahatçylyga bolan söýgülerini hem beýan
etdiler.
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebimizde hor dirižýorlygy, saz
mugallymçylygy, aýdym aýtmak sungaty, türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz
gurallary, fortepiano, saz nazaryýeti, horeografiýa, nakgaşçylyk, kirişli saz
gurallary bölümleri hereket edip, talyplara sungatyň dürli ugurlary boýunça
tälim berilýär. Bu ajaýyp dabarada hem saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan
ýaş zehinler öz başarnyklaryny görkezdiler.
Ýaş sazandalaryň döredijilik ukyplarynyň ýüze çykarylmagy üçin giň
mümkinçilikler döredilýän eziz ýurdumyzda aýdym sazyň sesi hemişe belentden
belent ýaňlansyn. Sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan rowaçly menzilleriniň
dowamat-dowam bolmagyny talyp ýüregimden arzuw edýärin.
Makalany taýýarlan: Güljemal ÝANAROWA
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 2-nji ýyl talyby