NETIJELI WE TÄSIRLI GEÇEN OKUW-USULY GEŇEŞI
Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw
mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşi
2024-nji ýylyň mart aýyndan bäri geçirilip gelýär. Bu okuw-usuly geňeşiniň esasy
maksady Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän okuw-usulýetini ösdürmek, sanly
bilim ulgamyny kämilleşdirmek, orta hünär okuw mekdepleriniň bilim derejesini
ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Ýakynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň
we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary
esasynda döredilen okuw-usuly geňeşi geçirildi. Geňeşe gatnaşyjylary sungat
mekdebimiziň kirişli we üflenip çalynýan saz gurallaryndan düzülen kwintet topary
garşy aldy. Olar öz repertuarlaryndan türkmen meşhur kompozitory Nury
Halmämedowyň “Haýrana galar”, “Karkaranyň aýdymy”, “Kerwen”, daşary ýurt
kompozitorlary D.Şostakowiç “Wals”, Žorž Bize “Habanera” ýaly eserlerini ussatlyk bilen ýerine
ýetirdiler.
Okuw-usuly geňeşini Ahal welaýat ýörite
sungat mekdebiniň direktory Serdar Nuryýew alyp bardy. Maslahatyň başynda Ahal
welaýat ýörite sungat mekdebi bilen tanyşlyk ýagny, sungat mekdebiň açylan
gününden häzirki wagta çenli mekdepde hereket edýän bölümler, hünärler barada, ýetilen
sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda mekdebiň mugallymy, Gülbahar
Ýusupowa giňişleýin gürrüň berdi. Bu çykyş diňleýjileriň gyzgyn el
çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Indiki çykyşy I.Gandi adyndaky Aşgabat
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň direktory, okuw-usuly geňeşiniň başlygy Jeren
Ataýewa “Okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny neşir etmegiň nobatyny
tertipleşdirmek hakynda” tema bilen çykyş etdi. Ol çykyşynda okuw kitaplaryny
çap etmekde olaryň hili, mazmuny, göwrümi barada peýdaly maslahatlaryny berdi.
Geňeşiň dowamynda Aşgabat şäherindäki
syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Medine Myradowa Iş berijiler
bilen hünär bilim edaralarynyň özara baglanyşygyny kämilleşdirmek maksady
bilen, “Hünär derejeleriniň milli Çarçuwasyny” döretmek boýunça halkara
tejribesini öwrenmegiň wezipeleri, artykmaçlyklary we iş mehanizmleri barada
gürrüň berdi. Soňra Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Maýsa
Goçgeldiýewa “Açyk bilim resurslary hakynda Düzgünnamasyny ýerine ýetirmek üçin
amala aşyrmaly işleri ara alyp maslahatlaşmak” diýen tema bilen çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň
saz bilimini berýän sazçylyk we sungat mekdepleri üçin niýetlenen “Türkmen
kompozitorlary” we “Saz teoriýasy” atly öz taýýarlan programmalary bilen
tanyşdyrdy.
Maslahatyň dowamynda Ahal welaýat
ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Abdylla Allanurow Türkmenistanyň
Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili karary bilen
tassyklanan “Türkmenistanyň Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny”
ornaşdyrmak babatynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde ýerine ýetirilen
işler barada hasabat berdi. Arkadagly Serdarymyzyň sanly bilim ulgamyny
ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alyp, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde serwer
enjamlary we programma üpjünçiligi, web saýtynyň döredilmegi, ERDU-elektron
resminalar dolanyşygy ulgamy, Moodle bilim portalynyň döredilmegi, e-kitaphana,
e-sapak portallary bilen tanyşdyrdy.
Jemleýji çykyşy Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy
Süleýmanberdi Öwezberdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň
sentýabryndaky 340 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda Sanly bilim
ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ornaşdyrmak babatynda Aman Kekilow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ol öz
çykyşynda okatmagyň Moodle platformasy esasynda içki sanly bilim portaly
elektron maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygy we üstünlikli
ornaşdyrylandygy, mugallymlaryň we talyplaryň sanly hasaba alyş (Face ID) enjamlarynyň,
serwer otagynyň ornaşdyrylandygy barada maglumat berdi.
Bilim bermekde, öwretmekde sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy ýaşlary
diňe bir zähmet ýoluna taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem, döredijilikli
pikirlenmäge ukyply, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan täze nesli kemala
getirmäge ýardam berýär. Şular ýaly maslahatlary geçirmäge döredip berýän ähli
mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunymyz aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri
uzak, türkmen professional aýdym-saz sungatymyzy dünýä tanatmakda alyp barýan
işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Makalany taýýarlan: GÜLBAHAR Ýusupowa
Ahal welaýat ýörite
sungat mekdebiniň mugallymy, ýaş alym bäsleşiginiň ýeňijisi