"Çeper elleriň hünäri" sergisi

Çeperçilik mekdepleriň
sergisi diňe bir öz işlerini görkezmek we hünärmenleriň pikirlerini almak üçin
mümkinçilik bolman, eýsem talyplara döredijilik mümkinçiliklerini görkezmäge
ýardam berýändir. Şeýle hem sergi mugallymlar üçin talyplaryň ösüşine baha
bermek we geljekde ösüş üçin potensial ugurlary kesgitlemek üçin ajaýyp
usuldyr.



Ahal welaýat
ýörite sungat mekdebiniň talyplaryň sergisinde nakgaşçylyk we grafika
ugurlarynda dürli žanrlarda öz eserlerini hödürlediler. Her bir talyp özlerine
has meňzeş žanry saýlap, zehinlerini we başarnyklaryny görkezip bildiler. Talyplar
ajaýyp peýzažlary we meşhur landşaft suratkeş Şişkiniň eserleriniň nusgalaryny
suratlandyryp, öz maksatlaryna ajaýyp ýetdiler. Şeýle hem, milli äheňde bilen
köp sanly eseri hödürlediler, meselem, milli natýurmortlar hem-de miwe
-bakja
bilen baglanyşykly eserler.



Mundan başga-da,
sergide talyplar hünärmen suratkeşler we dizaýnerler bilen işlemekde tejribe
gazanyp bilerler. Sorag berip, tehnika, kompozisiýa we beýleki döredijilik
taraplary barada maslahat alyp bilerler. Bu hünär derejesini ýokarlandyrmak
üçin möhüm ädim bolup biler.

Ýörite sungat mekdebiniň talyplaryň çeper döredijilik sergisi sungat we medeniýet barada habardarlygy
ýokarlandyrmagyň ajaýyp usulydyr. Tomaşaçylara ýaş suratkeşleriň we
dizaýnerleriň işini tapmaga we täze çeperçilik ugurlaryny öwrenmäge mümkinçilik
berýär.

 Makalany
taýýarlan:
 Ahal welaýat
ýörite sungat mekdebiniň 
nakgaşçylyk mugallymy
Allanurow Abdylla



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri Büzmeýin etraby Arkadag köçesi jaý 1

Telefon belgiler:
(+993 12) 33-52-41