Ýaz pasly - Bahar baýramy atly döredijilik bäsleşigi

Okuw mekdebimizde
baharyň gelmegi we 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli mähriban
ejelerimize bagyşlanan talyp suratkeşleriň bäsleşigi geçirildi. Her bir eser iň
eziz ynsanlarymyza bolan söýginiň beýany bolup, bahar paslynyň janly reňkleri
we mähir bilen ýogryldy.
Talyplar
öz işlerinde duýgularyny we ene sarpasyny ussatlyk bilen görkezdiler.

Bäsleşigiň emin
agzalary üçin ýeňijileri saýlamak aňsat bolmady, sebäbi her bir iş özboluşly we
ak ýürekden ýerine ýetirildi. Gatnaşyjylar akwarel we häzirki zaman garyşyk
tehnikalaryny ulanyp, tebigatyň oýanyşyny we enelik keşbini janlandyrdylar. Bu
döredijilik çäresi ýaş nesliň maşgala gymmatlyklaryna we sungata bolan uly
hormatyny ýene bir gezek subut etdi.



Dabaranyň iň
tolgundyryjy pursady sylaglama dabarasy boldy. Iň täsirli we kämil işleriň
awtorlary birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Olara geljekki
döredijilik ýollarynda peýdaly boljak gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ýeňijiler öz şatlyklaryny gizlemediler, olaryň eserleri bolsa biziň sergimiziň
hakyky bezegine öwrüldi.



Şol bir wagtda, bu
baýramçylyk gününde hiç kim ünsden düşürilmedi. Guramaçylar bäsleşige
gatnaşanlaryň ählisini höweslendirmegi makul bildiler: her bir talyp çekilen
zähmeti we döredilen baýramçylyk ruhy üçin ýörite sowgatlar bilen sylaglandy.
Bahar pasly hoşniýetli ädimler we şatlykly ýylgyryşlar bilen başlandy.



 



Makalany taýýarlan: Ahal welaýat
ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň mugallymy Allanurow Abdylla

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri Büzmeýin etraby Arkadag köçesi jaý 1

Telefon belgiler:
(+993 12) 33-52-41