«Nowruz baýramy» mowzugy boýunça nakgaşlyk bäsleşigi

Bahar paslynda, tebigat gyş ukusyndan oýanýan wagty, köp
sanly halklar täzelenişiň we umydyň baýramy bolan Nowruz baýramyny belleýärler.
Baharyň gelmegini we täze ýylyň başlangyjyny alamatlandyrýan bu gadymy baýram
däp-dessurlara, ajaýyp reňklere we özboluşly ruhubelentlige baýdyr. Nowruzyň
bütin çuňlugyny we gözelligini suratlandyrmak maksady bilen, döredijiligiň we
ylhamyň hakyky baýramyna öwrülen nakgaşlyk bäsleşigi guraldy.



Bäsleşigiň maksady — diňe bir baýramyň dabarasyny ussatlyk bilen
görkezip bilýän zehinli nakgaşlary ýüze çykarmak däl, eýsem, gatnaşyjylary
Nowruz baýramyny belleýän halklaryň medeni mirasy bilen tanyşdyrmakdyr.
Gatnaşyjylara bu günüň esasy nyşanlaryny: gögeren bugdaý dänelerini (semenini),
dürli tagamlar bilen bezelen saçaklary, halk dabaralaryny, öwüşginli milli
lybaslary we baýramçylyk däplerini öz eserlerinde janlandyrmak teklip edildi.
Eminler topary işlere birnäçe ugurlar boýunça baha berdiler: taslamanyň özboluşlylygy, ýerine ýetiriş
ussatlygy, Nowruz ruhunyň takyk berilmegi we däp bolan reňkleriň (durmuşyň,
günüň hem-de şatlygyň nyşany bolan ýaşyl, sary we gyzyl öwüşginler) ulanylyşy.



Bäsleşige
talyplaryndan 25-den gowrak iş gelip gowuşdy.
Her bir surat üýtgeşikdir:
käbir awtorlar baýramçylyk tagamlary şekillendirilen natýurmortlara üns beren
bolsalar, başgalary halk tanslarynyň we oýunlarynyň janly pursatlaryny,
üçünjileri bolsa tebigatyň oýanyşyny suratlandyrýan liriki peýzažlary
döretdiler. Folkloryň we baýramyň döwrebap düşündirilişini özünde sazlaşykly
jemlän işler has-da täsir galdyrdy.



Eserleriň biri tomaşaçylary özüniň hereketliligi bilen
haýran galdyrdy: onda milli lybasly gyzlaryň ýerine ýetirýän halk tansy
şekillendirilipdir. Bahar ruhuny eçilýän peýzažlar hem ünsden düşmedi: açylyp
oturan güller, dury gök asman, täze gögeren otlar — bularyň hemmesi täzeleniş
we umyt duýgusyny döredýärdi.



Bäsleşik diňe bir ýaryş däl-de, eýsem tejribe alyşmak we
ylham almak meýdançasyna öwrüldi. Gatnaşyjylar biri-biriniň işleri bilen
tanyşdylar, döredijilik usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar we eminlerden
gymmatly maslahatlary aldylar.
Ýeňijiler
diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar, ýöne iň uly netije —
sungat arkaly medeni däp-dessurlary gorap saklamak we wagyz etmek boldy.

Makalany taýýarlan: Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Allanurow Abdylla

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri Büzmeýin etraby Arkadag köçesi jaý 1

Telefon belgiler:
(+993 12) 33-52-41