Talyplarymyz ahalteke bedewiniň gözelligini wasp etdiler

Okatýan sungat mekdebimizde Türkmenistanyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan döredijilik
bäsleşigi geçirildi. Talyplar öz işlerinde «asman atlarynyň» owadanlygyny,
güýjüni we gaýtalanmaz keşbini ussatlyk bilen görkezdiler. Bu bäsleşik ýaş
suratkeşleriň milli däp-dessurlar we taryhy miras bilen baglanşygyny has-da
berkitmek bilen, tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.



Guramaçylar gatnaşyjylary goldamaga aýratyn üns berdiler we baýrakly
orunlara mynasyp bolanlar üçin ýörite sylaglar taýýarladylar. Baýrakly orunlary eýelän talyplara
hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Mundan başga-da,
döredijilikli çemeleşen talyplaryň hiç biri ünsden düşürilmän, olara höweslendiriji sowgatlar berildi. Bu
bolsa olaryň geljekdäki hünär ösüşleri we täze üstünlikleri üçin uly itergi
boldy.



Türkmenistanyň Suratkeşler
birleşiginde ýurduň ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň arasynda
geçirilen bäsleşik has-da giň gerimli boldy. Bu döredijilik bäsleşigine
ýurdumyzyň ähli künjeklerinden iň zehinli ýaşlar gatnaşyp, rowaýaty
bedewlerimizi iň gowy şekillendirmek ugrunda bäsleşdiler.



Biziň talyplarymyz ýokary hünär ussatlygyny
görkezip, birbada iki sany üçünji orna
mynasyp boldular. Iki sany üçünji ornuň hem biziň mekdebimiziň talyplaryna
berilmegi, okuw mekdebimizde berilýän bilimiň we mugallymlarymyzyň ýokary
derejesiniň subutnamasydyr. Biz talyplarymyz bilen buýsanýarys we olara
geljekde-de uly üstünlikler arzuw edýäris.
Makalany taýýarlan: Ahal welaýat ýöriye sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň mugallymy Allanurow Abdylla

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri Büzmeýin etraby Arkadag köçesi jaý 1

Telefon belgiler:
(+993 12) 33-52-41