Hasabat konsert

Golaýda Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde Ahal welaýat
ýörite sungat mekdebiniň hasabat konserti geçirildi. Mekdebiniň  mugallymlary we talyplary tarapyndan
taýýarlanan bu konsert çäresi döredijilige bagyşlanan ýylyň ajaýyp
pursatlarynyň biri hökmünde tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Konsertde talyplar
diňe bir ýerine ýetirijilik ussatlygyny däl, eýsem, Gahryman Arkdagynyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Watana, halka, bolan söýgülerini hem beýan
etdiler. Saz eserleriniň köpüsiniň halk saz gurallarynda ýerine ýetirilmegi,
türkmen halkynyň baý medeni mirasyna, milli saz sungatyna goýulýan hormaty
alamatlandyrdy.



Sahnada diňe bir saz däl, eýsem, horeografiýa we hor
toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary hem ýokary derejede taýýarlanylyp, ýerine
ýetirijilik ussatlygy hem-de sahnanyň dramaturgik gurluşy örän çuň many-mazmuna
eýe boldy.



Aýratyn bellärlikli taraplaryň biri bolsa ýaş zehinleriň
döredijilik ýolunda gazanan üstünlikleriniň beýany boldy.



Mekdebiň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Hudaýnazar
Amangeldiýewiň sazyna, Bäşim Ataýewiň sözlerine döredilen “Galkynýar siz bilen
iller Arkadag” atly joşgunly eser bilen başlan 
konsert has-da, dabaralandy. Şeýle-de konsertde “Garaşsyz baky bitarap
Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany”, “Watanym Türkmenistan” ýaly ýaş
ýerine ýetirijiler tarapyndan täsirli çykyşlar ýaňlandy.



Konsertde diňe bir milli sazlar däl, eýsem dünýä
klassyklarynyň eserleri hem çeper ýerine ýetirilişi bilen belent baha mynasyp
boldy. Bu bolsa ýaşlaryň halkara medeni giňişliginde hem öz zehinlerini
görkezmäge taýýardyklarynyň subutnamasydyr. Bu ajaýyp dabarada ýörite sungat
mekdebimizde sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan ýaş zehinler, özleriniň
çykyşlary bilen halk döredijiliginiň häzirki zaman sahnasyndaky ajaýyp
görnüşlerini görkezdi.



Konsertde mekdebiň hor, tans toparlarynyň, “Üflenip we
kakylyp çalynýan saz gurallary, halk saz gurallary orkestrleriniň, dutarçylar,
bagşylar ansambllarynyň we ýekelikde ýerine ýetirilen: “Ene elleri hakda
ballada”, “Yşk neýledi”, “Watanym Türkmenistan”, “Prelýudiýa”, “Şasenem-Garyp”
dessanyndan aýdyşyk , “Kakuw sazlaşyklary”, “Şasenem-Garyp” operasyndan hor, “Sazlar
çemeni”, “Tagt oýny”, Türkmen halk sazy “Maýagözel” ýaly birnäçe täsirli
eserler ýaňlandy. Şeýle-de, konsertiň çäginde mekdebiň “Nakgaşçylyk” bölüminiň
talyplarynyň taýýarlan döredijilikli işleriniň sergisi hem gurnaldy. Nakgaşçylyk
sungatynyň dürli tehnikalary bilen taýýarlanan tebigat gözelligine, durmuş
wakalaryna, watançylyk temasyna bagyşlanan eserler aýratyn täsir galdyrdy.



Geçirilen hasabat konserti ýaş nesliň döredijilik
mümkinçilikleriniň ösdürilmegine berilýän ünsüň we “Garaşsyz baky bitarap
Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ajaýyp ýörelgeleriniň
sungat arkaly halk köpçüligine ýetirilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Maýsa GOÇGELDIÝEWA

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” 
bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri Büzmeýin etraby Arkadag köçesi jaý 1

Telefon belgiler:
(+993 12) 33-52-41