Ajaýyp konsert
Saz ynsan kalbynyň iň çuňňur duýgularynyň inçe beýanydyr. Sungatyň güýji
halklary, medeniýetleri we nesilleri birleşdirýän köpri bolup parahatçylygyň we
asudalygyň alamatydyr. Aýdymdyr sazlar diňleýjilere abadançylyk, gahrymançylyk ýaly
lezzet beriji duýgulary eçilýär.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynda Ahal
welaýat ýörite sungat mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyplarynyň
taýýalamagynda tomaşaçylaryň hakydasynda ajaýyp duýgulary şöhlelendirýän täsirli konsert geçirildi. Konsertde mekdebimiziň
hor topary, halk saz gurallar orkestri, skripkaçylar hem-de bagşylar ansamblarynyň
ussatlyk bilen ýerine ýetiren eserlerinden Hudaýnazar Amangeldiýewiň “Galkynýar
siz bilen iller Arkadag”, Nury Halmämmedowyň “Şükür bagşy” kinofilminden “Galop
Şukura” Ramin Djawadinyň “Tagt oýuny”, Ýalkap Durdymyradowyň “Arkadagyň
saýasynda” Baýram Hudaýnazarowyň “Ene elleri hakynda ballada” Rahman Joraýewiň
“Watanym” we başgada birnäçe türkmen we daşary ýurt kompazitorlarynyň eserleri
diňleýjileriň mähirli söýgisine mynasyp boldy.
Konsertde ýerine ýetirilen eserler täsirli ýaňlandy we diňleýjiler
köpçüligi tarapyndan uly öwgä mynasyp boldy. Ahal welaýat ýörite sungat
mekdebimiziň ähli ugurlarynda biz talyp ýaşlara bilim berip mynasyp şägirtleri
ýetişdirýän halypa mugallymlarmyza hem minnetdarlygymyzy bildirýäris. Biz hem
bize siňdirilen bu uly zähmete jogap edip geljekde öz saýlap alan hünärimiziň
ussatlary bolmak ugrunda irginsiz zähmet çekjekdigimize sizi ynandyrýarys.
Halypa-şägirtlige giň ýol açyp berýän
sungatyň hak howandary Gahryman
Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary
sag, ömürleri uzak, alyp barýan rowaçly menzilleriniň dowamat-dowam bolmagyny
talyp ýüregimden arzuw edýärin.
Güljemal ÝANAROWA
“Aýdym aýtmak
sungaty” bölüminiň 3-nji ýyl talyby