Çalsana Bagşy bäsleşigi
Türkmeniň
milli buýsanjy bolan dutary öziniň şirin mukamy bilen ýüreklere ylham, dertlere
melhem bolup asyrlar boýy öz gymmatyny saklap gelýär. Öz gözbaşyny Baba
Gammardan alyp gaýdýan bu jadyly senet halypa-şägirtçilik ýoly bilen
nesilden-nesle geçip ürç edip öwrenilýär.
Halkymyzyň köp öwüşginli mirasyny
dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny gellejeki nesillere
ýetirmek, dünýä ýaýmak şeýle hem zehinli bagşy sazandalary ýüze çykarmak olary
höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn-asyry” atly
baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy, sazandalarynyň
arasynda “Çalsana bagşy” atly bäsleşiginiň geçirilmegi türkmen bagşyçylyk sungatynyň
has-da rowaçlanmagyna giň ýollar açýar.
Ýakynda Ahal welaýat medeniýet
müdirliginde “Çalsana bagşy” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige Ahal welaýat ýörite sungat
mekdebimiziň talyplary hem gatnaşyp üstinlikli çykyş etdiler. Dutarçy
bagşylaryň arasynda bäsleşen “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň 3-nji ýyl talyby
Merjen Orazowanyň türkemen halk aýdymy
“Bilen barmy”, 2-nji ýyl talyby Selim
Bagşyýewiň türkemen halk aýdymy “Azerbeýjan” we “Saz mugallymçylygy” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Kerimguly Nuryýewiň
türkmen halk aýdymy “Apbanepes” ýaly ahal ýolunda nusgalyk bolup galan aýdymlar
talyplarymyzyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy we diňleýjileriň gyzgyn söýgisine
hem-de goldawyna mynasyp boldy.
Durtarçy sazandalaryň arasynda bolsa
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebimiziň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň
3-nji ýyl talyby Bilbil Durdyýewa gatnaşdy. Onuň ýerine ýetiren Türkmen halk
sazy “Teşnit” emin agzalarynyň öwgisine mynasyp boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk
gazandy.
Türkmen
halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk
sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli
nusgalarynyň sanawyna girizilmegi agzybir halkymyzy tüýs ýürekden buýsandyran
ajaýyp waka boldy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň saýasynda gül açýan zamanamyzda toýlarymyzda, baýramlarymyzda
biziň ussat bagşydyr, sazandalarymyzyň türkmen dutarynyň türkmen gyjagynyň
şirin owazynda ýerine ýetirýän aýdym-sazlary joşgunly ýaňlanyp dursun. Halkynyň
köp öwüşginli sungatyna sarpa goýýan Sungatyň hak howandary Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak
bolsun, alyp barýan maksatly menzilleri ak ýollarda rowaç bolsun.
Güljemal ÝANAROWA
“Aýdym aýtmak
sungaty” bölüminiň 3-nji ýyl talyby