HALY-HALKYMYZYŇ GADYMY HEM MÜDÜMI, OWAL-AHYR YGRARLY SUNGATYDYR.
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda döreden we dünýä
medeniýetine goşan iň uly baýlyklarynyň biri türkmen halysydyr.
“Türkmen
halysy maddy hem ruhy baýlygyň hiç üýtgewsiz çeşmesi diýen, ynsanyň ünsüni hemişe
özüne çekýär. Çünki ol gaýtalap-gaýtalap, sünnäliginiň, gözelligiň aňyrsyna
çykyp bolmaýan ummasyz giňişlik älemi.
Türkmen halylary, eger ynsanyň ýüregini
onuň ruhy haly höküminde göz öňüne getirsek, halylar hem onuň karta ýaly
aýyl-saýyl bolup duran ýazgysydyr. Türkmen zenany öz ýaşaýan tebigatyny köňül
dünýäsine öwrüp, hala çitýär” diýip Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp
çykan “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitabynda belleýär.
Hakykatdanda haly türkmen maşgalasynda
agzybirligiň, berekediň we mukaddesligiň nyşanydyr. Ol öýüň törini bezäp,
asyrlaryň dowamynda halkymyzyň iň gymmatly, gadyrly ýadygärligi höküminde
nesilden-nesle geçip gelýär. Türkmen halysyny beýleki dünýä halylaryndan
tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklary onuň gürligi, reňkleriň tebigylygy we
durnuklylygydyr. Gadym döwürlerde ene-mamalarymyz haly üçin sapaklary ýüňden
eýlap, reňklerini dürli ösümliklerden, otlardan we agaç gabyklaryndan
alypdyrlar. Şonuň üçin hem türkmen halysynyň gyzyl we goňur reňkleri ýyllar
geçse-de solmaýar, gaýtam has-da lowurdaýar. Şeýle hem türkmen halysy ýyllar
geçsede öz gözelligine gözellik goşýar.
Halynyň iň esasy bölegi göllerdir.
Her bir türkmen taýpasynyň özüne mahsus bolan esasy gölleri bardyr.
1.Teke göl.
2.Ýomut göl.
3.Ärsary göl.
4.Saryk göl.
5.Çowdur göl.
Bu göller bugünki gün
Türkmenistanyň döwlet nyşanlary bolan baýdagymyzda we gerbimizde ýerleşip
halkymyzyň agzybirligini we bitewiligini aňladýar. Diňe munuň bilen çäklenmän türkmen
zenanlarymyz öz zehinleriniň hem-de ukyplarynyň güýçlidigini tebigatyň
toprakdyr, howa ýagdaýyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini öz ýaşaýan tebigatyny
içki oý hyýalyny hem-de dünýäsini çitimdir öýdüleriň üsti bilen halyň ýüzinde janlandyryp
başarmaklary asylly zenanlarmyzyň ýiti üşüginiň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň
her darak urgysynyň sesi ýüreginiň owazydyr. Halylarymyzyň ýüzüniň gyrymynyň
nepisligi biziň zenanlarymyzyň ussatlygysdyr. Türkmen halylary adaty bolmadyk
täsin sungat, irginsiz çekilen zähmediň datly miweleridir.
Gölleri bar-baýdagyma
gurlan asyl,
Nesillerden nesillere
geçen nesil,
Lowurdysy göz
gyrpdyrmaz adama,
Bu sungatdyr, öçmejek
uly eser.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza el hünärimize biçak sarpa goýmagy bizi
diýseň buýsandyrýar. Halkyna giň gerimli mümkinçilikleri peşgeş berýän Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp
barýan maksatly menzilleri mundan beýläk hem dowamat-dowam bolmagyny talyp
ýüregimden arzuw edýän.
Güljemal Ýanarowa
Ahal welaýat ýörite
sungat mekdebiniň talyby.