“BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ SAZÇYNASLARY” ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp buýsanan eziz diýarymyzda
toýdur baýramlar uludan tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň “Biz ýaşlara eziz
Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde
ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen parasatly sözlerinden
ugur alyp medeniýetimizi sungatymyzy ösdürmekde zehinli talyp ýaşlary ýüze
çykarmakda Türkmenistanyň Bilim minisrtligi, Türkmenistanyň Medeniýet
ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti,  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk
mekdebiniň ýurdumyzyň orta hünär ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň
talyplarynyň arasynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Berkarar
döwletimiziň sazçynaslary” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik örän
çekeleşikli boldy. Bäsleşikde garşydaş deň-duşlarymdan hem-de emin agzalaryndan
öwrenen zatlarym mende bäsleşige bolan ukyby döretdi. Maňa hem bäsleşige
gatnaşyp, hormat hatyna mynasyp bolmak miýesser etdi.  Baýrakly orunlara mynasyp bolan deň-duşlaryma
üstünlik arzuw edýärin. Bize okamaga öwrenmäge döretmäge eden işlerimizi açyp
görkezmeklikde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza,
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimden
minnnetdarlygymy bildirýärin. Goý, olaryň janlary sag ömürleri uzak bolsun,
alyp barýan işlerinde elmydama üstünlikler ýaran bolsun.



Ogulnäz MYRADOWA.



“Kirişli saz
gurallary” bölüminiň 4-nji ýyl talyby

Поделиться

Адрес:

Aşgabat şäheri Büzmeýin etraby Arkadag köçesi jaý 1

Телефонные номера:
(+993 12) 33-52-41