Aýdym aýdalyň!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň saýasynda gülläp ösýän döwürde biziň her-bir günimiz
baýramçylyklara şanly senelere ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky
türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň
çäklerinde Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň, Ahal welaýat
ýörite sungat mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şaher ýörite sungat
mekdebiniň hem-de, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň arasynda geçirilen “Aýdym
aýdalyň” atly bäsleşikde ansambl hem-de akkapella aýtmakda gyzgalaňly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşige mekdebimiziň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 4-nji ýyl talyby
Ogulboldy Nuryýewa, 2-nji ýyl talyby Atamyrat Daňatarow, “Bagşyçylyk sungaty”
bölüminiň 4nji ýyl talyby Merjen Orazowa, “Hor drižýorlygy” bölüminiň 3-nji ýyl
talyby Söýli Täçmyradowa, “Saz mugallymçylygy” bölüminiň 2-nji ýyl talyby
Işanýaz Agabaýew, “Halk saz gurallary” bölüminiň
3-nji ýyl talyby Durdymyrat Rejepow hem-de “Fortepiano” bölüminiň 3-nji ýyl
talyby Eziz Köşmekow gatnaşdylar. Bäsleşigiň
dowamynda jemi 8 sany ansambl ýerine ýetiriji toparlar çykyş etdiler. Bäsleşikde
biziň ansambl toparymyz 1-nji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň jemi Maýa Kulyýewa
adyndaky türkmen milli konserwatoriýasyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň ýaş mugallymlarynyň taýýarlan
konserdi bilen jemlendi. Soňra iň ajaýyp pursatlarynda sowgatlarymyz hem-de
1nji derejeli diplomlarymyz dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ajaýyp waka biz
bagtyýar talyp ýaşlar üçin ýatdan çykmajak pursat
boldy.
Biz ýaşlara sungatda görelde
mekdebi bolýan Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýaryn.
Olaryň janlarynyň sag belent başlarynyň aman, alyp barýan döwletli
menzilleriniň dowamat - dowam bolmagyny
tüýs ýürekden arzuw edýärin.
Ogulboldy NURYÝEWA
“Aýdym aýtmak sungaty” bolüminiň
4-nji ýyl talyby